search
top

Ene dilim-Eziz dilim

Bu kitap dogduk topragyň hem älemiň görkünden
her bir türkmen öýüne uly paý hödürleýär. Ol görk
ene-ata hormat, dostluk, doganlyk, söýgi ýaly arzyly
adam gatnaşyklarynyň waspy, okuwa-bilime sarpa,
gündelik durmuşa degişli peýdaly maglumatlar bilen
utgaşyp, bütewi mazmuna öwrülýär. Elbetde, tebigatyň
görküni söýmeýän ýok, dünýäniň gözelliginden
öz ene diliňde lezzet almak bolsa, her bir adam üçin
has-da uly bagt. “Ene dilim – eziz dilim” okyjylara
bu mümkinçiligi eçilýär. Hut şu hem türkmen diliniň
mertebesine goşant goşýan bu kitaby geljekde il
arasynda gözlegli kitaplaryň birine öwürmäge ukyplydyr.